- ýasama
- 1) Tebigy bolmadyk, hakyky dällik, emeli el bilen edilen, ýasalan.∙ Aslynda meniň umumy, ýasama bezegleri nähili ýigrenji görýänimi özüňiz gowy bilýärsiniz ahyry, Petr! -- diýip, sözüniň üstüne goşdy. (A. Gowşudow, Mähir-Wepa)∙ Ýasama Dişler.2) Çyn bolmadyk, ýalandan edilen, ýalan.∙ Ol özünde ýasama ünji döretmek üçin gaşlaryny çytdy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)∙ Goja Çowdurowyň getiren mysallaryny Halapow öz ýasama logikasyna görä gurplurak hasap etdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)∙ Durdynyň ýüzündäki ýasama ýylgyryş el bilen alnyp taşlanan ýaly boldy. (B. Seýtäkow, Moskwanyň Ýalkymy)∙ Onuň sýužeti gyzyklandyrmak üçin, ýasama konfliktlere ýüzlenýän wagtlaryna-da duş gelmek bolýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.